25-nji
maýda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara
sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen geçirilýän sergi şähergurluşygy, şäher düzümini kemala
getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri
açyp görkezdi.
Sergide
ýaýbaňlandyrylan işleriň gerimine göz ýetirmek üçin dolandyryş we edara
binalarynyň, söwda hem-de dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş
jaýlarynyň köp sanly maketleri we çyzgylary ýerleşdirildi. Bu ýerde görkezilen
innowasion taslamalaryň agramly bölegi Watanymyzyň şäherlerini mundan beýläk-de
oýlanyşykly, netijeli hem-de gözel görnüşde ösdürmäge täze çemeleşmeleri beýan
edýär. Zehinli binagärleriň özboluşly pikirleri olaryň döredijilik işlerinde öz
beýanyny tapýar.