21-nji iýunda
Watan harmanyna bugdaýyň 89 müň 133 tonnadan gowragyny tabşyran Ak bugdaý
etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny
üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.
Etrapda bugdaý
ekilen ýeriň meýdany 39 müň gektara barabardyr. Kärendeçiler bu ýere bugdaýyň
«Bitarap», «Sähraýy», «Kalim», «Batko», «Moskowskiý — 56», «Bagrat» ýaly ýerli
toprak-howa şertlerinde oňat netijeleri görkezen görnüşlerini ekdiler.
Galla oragyna
«СLAAS», «John Deere» we «Сase» ýaly dünýäde belli firmalaryň däne ýygyjy
kombaýnlarynyň 100-den gowragy çekildi. Olara tehniki hyzmat etmek üçin
ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar we aragatnaşyk serişdeleri ýaly zerur zatlar bilen
üpjün edilen toparlar berkidildi. Meýdanlardan bugdaýy ýük awtoulaglarynyň
600-den gowragy etrapdaky kabul ediş bölümleriň we elewatorlaryň 9-syna daşady.
Etrapda
M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, A.Nyýazow adyndaky,
şeýle hem «Magtymguly», «Bereketli», «Bugdaýly», «Ýaşyldepe, «Ýerbent» we
beýleki daýhan birleşikleriniň ekerançylary şertnamalaýyn borçnamalaryna
ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler.