milli goshun logo
Ak bugdaý etrabyna hormatly Prezidentimiziň baýragy gowşuryldy
Ak bugdaý etrabyna hormatly Prezidentimiziň baýragy gowşuryldy
13.02.2024 350 Habarlar

Düýn – 12-nji fewralda Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýatyň, etrabyň häkimlikleriniň, kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek we etrabyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Ak bugdaý etrabynyň ykdysadyýetinde hususy düzümler uly orun eýeleýär. Telekeçiler tarapyndan gurlan ýyladyşhana hojalyklarynda gök-bakja ekinleri ýetişdirilýär. Şeýle hem maldarçylyk toplumlary hereket edýär. Şeýlelikde, bu etrabyň ilaty özünde öndürilýän azyk önümleri bilen dolulygyna üpjün edilýär. Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Bagşy-sazandalaryň çykyşlary, teatrlaryň we döredijilik toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.