Şu
gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden
bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we
dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat geçirildi.
Halkara
maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini
şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde,
zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik eserleriniň
sergisini synladylar. Mälim bolşy ýaly, ahalteke atlary halkymyzyň durmuşynda
we medeniýetinde möhüm orny eýeleýär. Gözelligiň, ýyndamlygyň, güýç-kuwwatyň
nyşany bolan bedewleriň keşbi ähli döwürlerde hem ylham çeşmesi bolupdyr.
Häzirki döwürde döredijilik eserlerinde ahalteke bedewi Watanymyzyň
berkararlygynyň we okgunly ösüşiniň nyşany bolup orta çykýar. Bu aýratynlyk
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp ahalteke bedewlerine, milli atşynaslyk sungatyna
bagyşlap döreden eserleriniň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär.
Çykyşlarda
şöhratly ata-babalarymyzyň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy
döredip, onuň arassalygyny saklap gelendiklerine üns çekildi. Häzirki döwürde
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda
müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi
berildi. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, olaryň baş
sanyny artdyrmak we seleksiýa-tohumçylyk işleriniň hilini döwrebaplaşdyrmak
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Foruma
gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda geçirilýän şeýle çäreleriň ýurdumyzda atşynaslyk pudagynda
gazanylan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, tejribe
alyşmaga, daşary ýurtlaryň assosiasiýalary we pudaklaýyn guramalary, hususy
atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini
nygtadylar. Halkara maslahatda behişdi bedewleriň gadymy mekanynda durmuşa
geçirilýän giň gerimli özgertmeler, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine
edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize
hoşallyk sözleri beýan edildi.