milli goshun logo
Ahalteke bedewi we alabaý – serginiň esasy beýanaty
Ahalteke bedewi we alabaý – serginiň esasy beýanaty
26.04.2021 1320 Habarlar

Şekillendiriş sungaty muzeýinde ahalteke bedewiniň we türkmen alabaýynyň gününe bagyşlanyp sergi açyldy. 

Serginiň merkezini türkmenleriň nesilbaşysy Oguzhanyň heýkeli eýeleýär. Türkmenistanyň halk hudožnigi Saragt Babaýewiň  döreden heýkelinde Oguzhanyň elinde ýarag ýok, onuň ýaragy – parasatly, pähimli sözleri, ol daş-töweregindäkilere  dana pentlerini adýar. Oguz hanyň üstüne münen bedewi onuň beýik mertebesine laýyk – owadan, haýbatly.

Paýtagtyň Sergi merkezinde ahalteke atlaryna we türkmen alabaý itlerine bagyşlanyp açylan sergide-de milli şekillendiriş mekdebiniň baý däplerini görkezýän eserler surat muşdaklaryna hödürlenýär.