3-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde
iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp
barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu
ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Maslahata Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli jogapkär ýolbaşçylar çagyryldy.
Ahal welaýatynyň
täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanyp
barýandygy bilen baglylykda, guramaçylyk wezipeleri, onuň açylyşyna taýýarlyk
görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary
diňlenildi.
Soňra Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýol ugrunda
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işleriniň
barşyny synlady. Häzirki döwürde merkeziň birinji tapgyryndaky gurluşyk işleri
tamamlanyp barýar.