10-njy aprelda düýbi tutulan şäher 70 müňden
gowrak hojalyga niýetlenendir. Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly
ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Olarda ýaşamak, dynç almak,
çagalaryň sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.
Täze welaýat merkezinde her biri 320
orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta
mekdep, başlangyç we orta hünär mekdebi, şeýle hem iki sany sungat mekdebi bina
ediler.
Saglyk edaralarynyň hem giň ulgamy
dörediler. Iki sany Saglyk öýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkezi, beýleki hassahanalar bina ediler. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi,
Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binasy we muzeý gurlar. Häzirki
zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almagy üçin
bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder.
Bulardan
başga-da, aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan
Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz
öňünde tutulýar. Bu desgalar Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde,
bitewi ulgamy emele getirer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
belledi.
Şäherde
dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem
dörediler. Bu edaralar täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen
üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Dolandyryş merkeziniň ähli binalary düýbünden täzeden gurulýar. Täze desgalaryň gurluşygy üçin ýerleri boşatmak zerurlygy bolmaýar. Binalar we desgalar düýpli ýykylyp aýrylmaýar. Bu bolsa örän möhümdir. Umuman, boş ýatan meýdanyň keşbi düýpli özgerer.