milli goshun logo
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasy açyldy
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasy açyldy
2 gün öň 66 Habarlar

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny belende göterdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler täze obalaryň we şäherçeleriň döredilmeginiň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar.

Täze oba 400 sany ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini özünde jemleýär. Bu ýerde döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Giň we yşyklandyryş ulgamy çekilen awtomobil ýollarynyň ugrunda gök zolaklaryň, ýörite seýilgähiň döredilmegi taslamanyň durmuşa geçirilişine hemmetaraplaýyn, şol sanda ekologik abadançylyk nukdaýnazaryndan oýlanyşykly çemeleşilendigini görkezýär.

Geňeşligiň edara binasynda işgärleriň netijeli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Saglyk öýünde ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, oba ilatyna zerur saglygy goraýyş hyzmatlaryny hödürlemek babatda zerur şertler döredilipdir. Ýanaşyk ýerde gurlan dermanhana bolsa oba ýaşaýjylaryny lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün eder. Täze obada gurlan iki gatly umumybilim berýän orta mekdebiň we çagalar bagynyň mümkinçilikleri diňe bir Döwletli mekan obasynyň däl, eýsem, oňa ýanaşyk ilatly ýerleriň çagalarynyň hem döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin şert döredýär. Mekdepde multimedia enjamlary ornaşdyrylan synp otaglary, mejlisler otagy, üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary, kömekçi desgalar hereket edýär. Çagalar bagynda körpe nesilleriň oýun arkaly başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, terbiýelenmegi we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Oýun meýdançalarynyň töwereginde bolsa dürli saýaly baglar oturdylypdyr.

Söwda merkezinde ilatyň gündelik sarp edýän azyk we hojalyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrmak mümkindir.

Soňra dabara gatnaşyjylar döwrebap öýlerde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar. Öýleriň taslamasy düzülende, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary we zerurlyklary göz öňünde tutulypdyr. Her öýüň howlusynda mellek ýerleri, şol sanda hojalyk zerurlyklary üçin telärler, awtoulag üçin ýörite ýer hem-de inženerçilik-tehniki düzümler döredilipdir. Öýleriň otaglarydyr aşhanasy milli we häzirki zaman binagärliginiň ýörelgeleri esasynda bezelip, ýokary hilli mebeller bilen üpjün edilipdir.

Täze obadaky döwrebap öýlere göçüp gelen maşgalalar, asylly däbe görä, dabaranyň myhmanlaryna toý pişmelerini hödür etdiler. Her öýde gazanlar atarylyp, jaý toýlary tutuldy. Döwrebap öýleriň ýanynda türkmeniň gadymy oba durmuşyny we toý däplerini şöhlelendirýän gymmatlyklar görkezildi. Gelnalyjynyň gelmegi bilen ýaýbaňlandyrylan durmuş toýy täze obanyň açylmagy mynasybetli dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.