Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýaty
döwlet dolandyryşy tejribesine, şol sanda elektron resminama dolanyşygy
ulgamyna sanly maglumat tehnologiýa ornaşdyrylan ýurdumyzyň ilkinji sebiti
boldy.
16-njy
dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda bu
barada welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize hasabat
berdi.
Welaýatlaryň
işini sanly tehnologiýa ulgamy arkaly ýola goýmak milli Liderimiziň tabşyrygy
esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň
çäklerinde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk»
agentliginiň hünärmenleri zerur enjamlary hem-de programma üpjünçiligini
gurnap, Ahal welaýatynyň häkimliginiň özünde elektron resminama dolanyşygy
ulgamyny ornaşdyrdylar.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň häkimliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynda hem elektron resminama dolanyşygyna birikdirmek maksady bilen şonuň ýaly işler dowam etdirilýär.