milli goshun logo
Ahal welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdi
Ahal welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdi
05.11.2019 448 Habarlar

Ahal welaýatynyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.

Bu zähmet ýeňşi daýhanlaryň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşant goşmak ugrunda çeken halal, yhlasly zähmetleriniň ajaýyp miwesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hil taýdan täze sepgitlere çykmagy Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Ahal welaýatynda pagta ýygymy möwsümi dowam edýär. Boýun alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren pagtaçylar «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýygnamak üçin yhlasly zähmet çekýärler.