milli goshun logo
Agyr atletikaçylaryň saýlama ýaryşlary
Agyr atletikaçylaryň saýlama ýaryşlary
11.02.2020 2848 Sport

2020-nji ýylyň 8 — 12-nji fewraly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty («Tokio 2020» Tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş) geçirilýär. Bu ýaryşlara 37 döwletden türgenler gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda bu ýaryşlarda 8 türgen çykyş edýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa üstünlikli çykyş etdi. Ol 49 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 72 kilogram agramlygy silterläp göterdi we kümüş medala, itekläp götermekde bolsa 96 kilogram netije görkezip, çykyş eden toparynda ýeňiji boldy. Türkmen türgeni iki görnüşde umumylykda 168 kilogram göterip, 2-nji orny eýeledi.

Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Seýitjan Mirzaýew hem bäsleşiklerde tapawutlandy, ol 61 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 130 kilogram agramlygy silterläp göterdi we öňe saýlandy, biziň türgenimiz 150 kilogram agramlygy itekläp göterdi we 4-nji orny eýeledi. Umumy hasapda 280 kilogram görkeziji bilen watandaşymyz bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa 55 kilogram agram derejesinde silterläp we itekläp götermekde, degişlilikde, 85 we 110 kilogram netije bilen 3-nji orny eýeledi. Bäsleşikleriň jemleri boýunça, ol 195 kilogram netije bilen, bürünç medala eýe boldy.