milli goshun logo
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy
27.07.2021 2792 Sport

Ine, bu gün asly beýik türkmen milletiniň häzirki zaman taryhyna ýene bir gezek şöhratly wakalaryň biri altyn harplar bilen ýazylldy – Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa kümüş medalyna Tokioda geçýän Oýunlarda şu gün aşgabatly sport ussady Polina Gurýewa mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bu ýeňşi 14 ýurduň 59 kg çenli agram derejesindäki wekilleri bilen bäsleşikde gazandy.

A toparda iki görnüşli ýaryşda çykyş eden türkmen agyr atletikaçysy özi üçin rekord netijäni (217 kg) gazanmak bilen (silterläp – 96 kg, itekläp – 121 kg), üçünji orny eýelän Ýaponiýaly türgen Mikiko Andodan (silterläp – 94) kg, itekläp – 120 kg) 3 kg öňe geçdi. Bu agyrlyk kategoriýasynda silkip götermekde (103 kg), itip götermekde (133 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (236 kg) netije görkezmek bilen, üç olimpiýa rekordyny goýan dört gezek dünýä çempiony, 12 dünýä rekordynyň eýesi Kuo Sing-Çžun (Taýwan) öňde barýardy.

Türgen gyzyň geçen özboluşly sport ýoly barada gysgaça durup geçsek, Polina Gurýewa sport bilen 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli meşgullanýar. Ol ilki gimnastika bölümine gatnaşdy, soňra agyr atletika bilen meşgullanmaga girişipdi. Zenan maşgala üçin aňsat bolmadyk bu kyn sportuň esaslaryny oňa ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýew öwretdi, hut şonuň ýolbaşçylygynda-da Polina 2017-nji ýylda Bakuwda geçirilen Yslam ýurtlarynyň IV raýdaşlyk oýunlarynda altyn medal gazandy. Häzirki wagtda P.Gurýewa Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Artur Emirýandan tälim alýar.

Ozal agyr atletika sportunyň bu görnüşi boýunça dünýä çempiony bolan ýeke-täk türkmenistanly türgen – Altymyrat Orazdurdyýewdi. Ol üç gezek dünýä çempiony, iki gezek Ýewropanyň çempiony, bir gezek Aziýa çempiony bolmagy başarypdy. Olimpiýa oýunlarynda özüniň nämelere ukyplydygyny, iň esasysy bolsa türkmen topragynyň bihal däldigini, ýiti zehinleri dünýä inderýänligini äleme ýaýypdy. Bu gün bolsa Ýaponiýanyň Tokio şäherinde dowam edip duran XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden türgen gyzymyzyň ýeňşi ady dünýäniň rowaýatyna öwrülen Altymyradyň sport ýolunyň özboluşly dowamynyň dörändiginiň subutnamasydygyna şübhe goýmady.

Ýene-de bir zady bellemek zerur, ýadyňyzdadyr, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň netijesinde Ýulduz Jumabaýewa hem öz agram derejesinde dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçysy diýlip yglan edilipdi. Şu ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agram derejesinde türgen gyzlaryň arasynda dünýä çempiony diýlip ykrar edilen bu ussat türgeni hormatlamak dabarasy geçirildi.  Şeýle-de, Rejepbaý Rejebow, Hojamuhammet Toýçyýew, Seýitjan Mirzaýew, Aýsoltan Toýçyýewa, Kristina Şermetowa, Gülnabat Kadyrowa ýaly, köp sanly türgenlerimiz halkara ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlary bilen hemmämizi begendirýär.

Türgen gyzyň bu günki halkara ýeňşi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby gullukçylarynyň sport ruhuny has-da beýgeltdi. Geljekde harby gullukçylarymyzyň hem şeýle ajaýyp netijelerine buýsanmak, guwanmak nesip etsin!