milli goshun logo
AFK-NYŇ ÇEMPIONLAR LIGASY: «AHAL» BILEN «PAHTAKORYŇ» DUŞUŞYGY
AFK-NYŇ ÇEMPIONLAR LIGASY: «AHAL» BILEN «PAHTAKORYŇ» DUŞUŞYGY
08.11.2023 691 Sport

Düýn — 7-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň «A» toparçasyndaky dördünji tapgyrynyň duşuşygy jemlendi. Ýurdumyzyň «Ahal» futbol topary Özbegistanyň «Pahtakoryny» kabul etdi.

Duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady. Ikinji ýarymyň 81-nji minudynda Alibek Abdyrahmanow türkmen klubuny öňe çykardy — 1:0.Duşuşygyň esasy wagtyna goşulan wagtyň bäşinji minudynda H.Erkinowyň tapawutlanmagy bilen hasap deňlendi. Şeýlelikde, duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.Şu duşuşykdan soň türkmen topary utuklarynyň sanyny dörde ýetirdi.

«Ahal» indiki tapgyrda 28-nji noýabrda myhmançykykda «Al-Feýha» saud kluby bilen duşuşar. «Pahtakor» BAE-den «Al-Aýn» bilen duşuşar.