24-nji
oktýabrda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam
hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi
geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we pudak
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün
tertibine şu ýylyň dokuz aýynda bu düzümiň geçiren işleriniň jemleri, şeýle hem
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan
gelip çykýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.
Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, milli maksatnamalaryň we hereketler meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.