30-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň
başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa
Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň we halkyň has-da ýakynlaşmagy, Türkmenistanda
durmuşa geçirilýän özgertmeleriň giňden wagyz edilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn
tagalla edýändigi üçin Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygyna minnetdarlyk
bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy birek-birege hormat goýmak we
ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň sazlaşykly
ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýa
Respublikasynyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň
çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Abraýly halkara
guramalaryň çäklerinde ählumumy we sebitleýin derejedäki halkara başlangyçlara
hem-de tekliplere ikitaraplaýyn goldaw berilýändigi munuň aýdyň beýanydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Awstriýanyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri
kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň möhüm orna eýe bolan Türkmen-awstriýa
jemgyýetiniň agzalarydygyny aýratyn bellemeli.