2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite
wekili jenap Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk
geçirdi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn
netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň
gidişi boýunça meselelerine aýratyn orun berilen sebitleýin meseleler boýunça
pikirleri alyşyp, taraplar iki döwletiň arasynda mümkinçiliklerine, şeýle hem
halkara guramalaryň çäginde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň
mümkinçiliklerine seretdiler. Hususan-da, bitarap Türkmenistanyň Owganystan
boýunça halkara başlangyçlarynyň işjeň agzasy bolmak bilen, birnäçe ýyllaryň
dowamynda Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça tagallalary edip
gelýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda esasy üns, Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň goňşy Owganystanda
parahatçylyk ýagdaýyny ýola goýmakda özüniň syýasy-diplomatik giňişligini
bermäge taýýardygy baradaky başlangyjyna çekildi.
Owgan meselesine ünsi çekmek bilen Z.Halilzad Owaganystanda
durmuşa geçirilýän infrastruktura taslamalaryna ýokary baha berdi hem-de olaryň
goňşy Owganystanda we tutuş sebitde howpsuzlygy üpjün etmekdäki zerurlygyny
belledi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň,
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) ugry boýunça elektrogeçirijileriň we
optiki-süýümli aragatnaşygynyň geçirijisiniň şeýle hem
Serhetabat-Turgundy-Gerat, Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýollarynyň durmuşa
geçirilmegi sebitiň tutuş geosyýasy kartasyny üýtgeder diýip kabul edildi.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň
zerurlygyny belläp, taraplar ony geljekde özarabähbitli esasda giňeltmegiň
meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.