Düýn - 19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny, bilelikde amala aşyrylan taslamalaryň ýurdumyzyň gurluşyk-senagat kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýa Türkmenistanda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdi. Munuň özi türkmen-türk gatnaşyklarynyň has-da giňeldilmegine ýardam berdi. Milli Liderimiz kompaniýanyň işine ýokary baha berip, toplanan oňyn tejribäni nazara almak bilen, ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.