18-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa 5-6-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek XIII
halkara kitap sergi-ýarmarkasyna hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap
ýol» atly ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Foruma
neşirýat-çaphana gulluklarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň
wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde, ýurdumyzyň
hem-de daşary ýurtlaryň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň okyjylar bilen
döredijilik duşuşyklaryny, «tegelek stoluň» başynda çekişmeleri hem-de beýleki
çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nobatdaky halkara
kitap sergi-ýarmarkasyny hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly
ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.