24-nji maýda
Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer,
daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi, 31-nji maýda Aşgabatda
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, häzirki döwürde zerur guramaçylyk
işleri alnyp barylýar. Mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň
ykdysady we ynsanperwer ugurlary boýunça meseleleriň toplumy giriziler. Onuň
jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.