Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň 31-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek barada karara gelendigini aýtdy. Täze ýyl baýramynda dört günläp dynç alynmagy bilen baglylykda, milli Liderimiz şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny göwnejaý guramak bilen bagly meselä ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda 31-nji dekabry iş
güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.