15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň
sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň
taslamasy hödürlenildi, oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Milli tokaý
maksatnamasynyň çäklerinde 2019-njy ýylda paýtagtymyzda we onuň töwereginde,
welaýatlaryň çäklerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp
nahaly ekiler.
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa abadançylygy,
türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi babatda
ýurdumyzda durmuşa geçirilýän umumymilli bag ekmek maksatnamasynyň uly
ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýurdumyzda 2019-njy ýylda bag ekmek hakyndaky» Karara gol çekip, wise-premýere şäherleriň we obalaryň golaýynda, çäklerini barha giňeldýän paýtagtymyzda tokaý zolaklaryny döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.