22-nji
noýabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gyylyjow 27-nji noýabrda
Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde geçiriljek türkmen-bahreýn işewürler
maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Duşuşyga nebiti
gaýtadan işleýän, himiýa, dokma we azyk senagatlarynda, senagat harytlarynyň
önümçiliginde, gämi gurluşygynda, şeýle hem kommunikasiýa, syýahatçylyk, söwda,
maýa goýum, bank ulgamy ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen döwlet düzümleriniň,
kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar.
Forumyň
dowamynda bahreýn tarapyny Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary,
öňdebaryjy pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar bilen tanyşdyrmak
meýilleşdirilýär. Şeýle hem onuň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny mundan
beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler. Çäräniň deslapky maksatnamasyna
laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek we birnäçe kärhanalara, senagat
toplumyna baryp görmek göz öňünde tutulýar.