17-nji maýda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer, daşary işler
ministri R.Meredow 23-nji maýda Aşgabatda meýilleşdirilen Türkmen-ýapon
ykdysady komitetiniň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Duşuşygyň gün
tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uly
mümkinçilikleri bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da
berkitmegiň we ösdürmegiň meseleleri giriziler. Ilkinji nobatda, döwletara
söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda göni işewür gatnaşyklary
ýola goýmak, dürli ugurlarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, eksport, import
amallaryny, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem degişli
teklipleri öwrenmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde
tutulýar.
Şunuň bilen
birlikde, ýapon kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek
bilen, Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen nebitgaz we himiýa
pudaklarynda iri taslamalara ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bagly
meselelere serediler.
Gurluşyk senagatynda, ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamynda, hususan-da, demir ýol pudagynda, ýurdumyza ýapon awtomobil tehnikalaryny getirmek we hyzmat ediş merkezlerini açmak ugry boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlise taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu ugurlar boýunça resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.