14-nji iýunda sanly
wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowa 22 — 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek
Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň
we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk
çäreleri barada hasabat berdi.
«Türkmenistan
— rowaçlygyň Watany» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde birnäçe
çäreleri, şol sanda döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, şygryýet agşamlaryny,
sergileri, ylmy-amaly we usuly maslahatlary teatrlaşdyrylan edebi çykyşlary,
şeýle hem Magtymguly etrabynyň gözel ýerlerine, Gerkez obasyndaky Magtymguly
Pyragynyň ýadygärligine hem-de beýik akyldar şahyryň muzeýine baryp görmek göz
öňünde tutulýar.
Däp bolşy
ýaly, döredijilik işgärleriniň baýramçylygyna opera sahnasy taýýarlanyldy, onuň
ilkinji görkezilişi Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynda geçiriler.