18-nji
oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow 22-24-nji
oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti hem-de
gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli kararyna laýyklykda, forum
«Türkmennebit» döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy
tarapyndan guralýar. Garaşylyşy ýaly, foruma dünýäniň ençeme ýurtlaryndan
hünärmenler, şol sanda ugurdaş kompaniýalaryň, pudaklaýyn düzümleriň, halkara
guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.
Maslahatyň gün
tertibine energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy meýiller hem-de gyzyklanma
bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, maýa goýum işleri,
ýangyç-energetika toplumynyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny
ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler giriziler.
Türkmenistanyň
energetika diplomatiýasy, halkara turba geçirijileriniň taslamalaryny amala
aşyrmak mowzuklary boýunça pikir alşylar. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda
daşary ýurtly gatnaşyjylary Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin
öndürýän zawodyň gurluşy bilen tanyşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek göz öňünde
tutulýar.
Şeýle forumlar
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, pudaga
iň gowy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmek, energetika
bazarlarynyň häzirki ösüş meýilleri bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilikleri
açýar diýip, hormatly Prezidentimiz degişli ugurda toplumlaýyn işleri dowam
etmegi tabşyrdy.