milli goshun logo
21-nji martda ählihalk ýowary geçiriler
21-nji martda ählihalk ýowary geçiriler
03.03.2019 868 Habarlar

1-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer  E.Orazgeldiýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda 1 million 500 müň düýp bag nahallarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäginde hem şonça mukdardaky ýaprakly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň ekiljekdigi bellenildi.

Bu işleri guramak ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. Tutuş ýurdumyz boýunça jemi ekilmegi bellenilen bag nahallarynyň 600 müň düýbi miweli agaçlar we üzüm bolar, şeýle hem tut agajynyň 300 müň düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz 21-nji martda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky Karara gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere ugradyp, bu möhüm çärä taýýarlyk görmek hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny» mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.