milli goshun logo
2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy
2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy
22 sagat öň 10 Sport

20 ýaşly sport ussady Wepaly Halynyýazow 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny gazandy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bu üstünlige Aşgabatda şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça wagt gözegçilikli nusgawy görnüşinde 11 tapgyrda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanyp ýetdi. Türkmenistanyň Küşt federasiýanyň Kubogynyň üçünji gezek guralan bu bäsleşigi Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebine Aşgabatdan we ähli welaýatlardan 444 küştçini ýygnady, bu bolsa ýurdumyzda küşt ýaryşyna bolan gyzyklanmanyň artýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Olaryň 81-si FIDE görkezijisi 1700 utuk we ondan ýokary bolan «A» kategoriýasynda, 363-si bolsa has pes görkezijili «B» kategoriýasynda çykyş etdi.

Federasiýa Kubogynyň esasy ýaryşynda («A» kategoriýasy) medallardan başga-da, 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda hem bäsleşdiler. Olaryň eýeleri Leýla Şöhradowa we Ahmet Gubataýew boldular. Ahmet Gubataýew ondan öňe geçen Wepaly Halynyýazowyň Ýokary ligada çykyş etmäge eýýäm hukuk gazanandygy sebäpli, iň güýçlülere goşulmak hukugyna eýe boldy. 

Nusgawy görnüşinde geçirilen ýaryş tamamlanandan soňra, rapid (çalt küşt) we blis (ýyldyrym çaltlykly küşt) boýunça bäsleşikler geçirildi.