milli goshun logo
2025-nji ýylyň şygarynyň şanyna dabaraly maslahat
2025-nji ýylyň şygarynyň şanyna dabaraly maslahat
14.01.2025 263 Habarlar

Düýn – 13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, berkarar türkmen döwletiniň abadan durmuşyny şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly maslahatyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna döredilen aýdym ýerine ýetirildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza çäksiz buýsanç öz beýanyny tapdy.