Şu gün
ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen
Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny
gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy.
2025-nji
ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde
kesgitlenildi.
Hökümetiň
giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýeňiji bolan etrabyň häkimligini 1
million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle
hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze
bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu waka ýurdumyzyň
demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şu
mynasybetli guralan dabaranyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy
giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny
ebedilik adyna ýazan Bitaraplyk şäherçesinde geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da
artdyrdy.
Şäherçäniň
medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly
ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň
töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem
dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, bagtyýar döwrümize bagyşlanan
sungat eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat
ussatlary, dessançy bagşylar joşgunly aýdym-sazlary bilen çärä gatnaşyjylara
ruhy lezzet paýladylar.
Soňra
çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ýygnananlar hormatly
Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni
taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz
welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen
diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Köneürgenç etrabynyň
zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge
gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Bu gün
Bitaraplyk şäherçesi ýene-de baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Bu sebitde
gadymy döwürlerden bäri zähmetkeş ata-babalarymyz tarapyndan dürli ekinler
ösdürilip ýetişdirilipdir. Etrabyň irki ekerançylyk däplerini mynasyp dowam
etdirýän daýhanlary ekerançylygyň we maldarçylygyň okgunly ösmegine, oba
hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, önümçiligiň möçberiniň
artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň işewürlik bilen meşgullanýan
telekeçileri önümçilik babatda häzirki zaman tejribesini özleşdirip, döwletimiz
tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanmak bilen, döwrebap
önümçilik toplumlaryny döredýärler. Olar ýerli sarp edijileri zerur önümler
bilen bolelin üpjün edip, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna hem goşant
goşýarlar.
Ýygnananlar
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda
döwlet Baştutanymyza sebitiň ilatynyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady
ösüşine goşýan goşandyna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny
beýan etdiler we Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny has-da artdyrmagyň
bähbidine mundan beýläk-de yhlasly, halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Dabara bagtyýar döwrümizi wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar bilen jemlendi. Şeýle
hem Bitaraplyk şäherçesindäki “Köneürgenç” toý mekanynda şanly waka mynasybetli
toý sadakasy berildi.