10-njy martda
Milli sport we syýahatçylyk institutynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna
laýyklykda, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky
Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we
olaryň öňde boljak ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça Guramaçylyk
toparynyň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi.
Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy, okuw-türgenleşik işlerini guramak we beýlekiler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.