20-nji fewralda geçirilen hökümet mejlisinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik
desgalaryny gurmagy hakynda» Karara gol çekdi.
Resminama
laýyklykda «Türkmensement» döwlet kärhanasynyň Bäherden we Lebap sement
zawodlarynyň kuwwatlylygyny her ýylda 1 million tonna ýetirmek maksady bilen,
olaryň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy meýilleşdirildi.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän kärhanany, Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany, Daşoguz şäherinde dürli görnüşli keramiki gap-gaçlary öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylda 150 müň tonna kuwwaty bolan armatura öndürýän goşmaça önümçilik desgasynyň gurluşygy meýilleşdirildi.