milli goshun logo
2019-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda JIÖ 6,3 göterim artdy
2019-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda JIÖ 6,3 göterim artdy
05.10.2019 375 Habarlar

4-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Myradow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bu görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim artdy.

Dokuz aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 65,7 göterime ýetdi. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn netijeler gazanyldy. Bu görkezijiniň 2,8 göterim ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.