milli goshun logo
2019-njy ýylda ýurdumyzda iň gowy diýlip yglan edilen Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylaryna
2019-njy ýylda ýurdumyzda iň gowy diýlip yglan edilen Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylaryna
15.02.2020 692 Habarlar

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Hormatly adamlar!

Men şu günki şatlykly waka — geçen 2019-njy ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan we bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine bir million amerikan dollary möçberde pul baýragynyň gowşurylmagy bilen sizi we etrabyň ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarydyr etraplarynda bolşy ýaly, biz Gökdepe etrabyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, etrabyň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga uly üns berýäris. Şoňa görä-de, etrap ähli ugurlarda gowy netijeleri hem gazanýar. Oba hojalygynda geçirýän özgertmelerimiz netijesinde etrabyň babadaýhanlary bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň we miweleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Medeni-durmuş ösüşi babatda ýokary sepgitlere ýetilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe etrabyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Etrapda täze mekdepler, çagalar baglary we medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Oba milli maksatnamasyny hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmegimiz netijesinde etrabyň obalary gözelleşdirilip, ilat üçin zerur durmuş üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Şu günler bu ýerde täze orta mekdebiň, hassahananyň, suw arassalaýjy desganyň, döwrebap obanyň gurluşygy hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Ýollaryň durky täzelenýär. Netijede, ýüzlerçe täze iş orunlary döredilýär.

Telekeçilerimiz hem etraby ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dürli azyk önümleri öndüriljek ýyladyşhanalaryň, guşçulyk toplumynyň, maldarçylyk hojalygynyň gurluşygyny alyp barýarlar.

Häzirki döwürde etrabyň çäginde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi hem gurulýar. Nesip bolsa, ýene-de gysga wagtyň içinde bu ýerde ähli üpjünçilik ulgamlary, döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleri bolan häzirki zaman şäheri peýda bolar. Täze şäherde adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler dörediler.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmalydyrys.

Şu belent wezipeleri amala aşyrmaga Gökdepe etrabynyň zähmetkeşleriniň hem işjeň gatnaşyp, geljek ýyllarda-da ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmäge uly goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Men Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ähli ilatyny şu günki şatlykly waka bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn hem-de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda hem olaryň täze, has ýokary üstünlikleri gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.