Türkmenbaşynyň
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli bolan Seýdiniň nebiti
gaýtadan işleýän zawody geçen 2018-nji ýyly netijeli jemlediler. 2019-njy,
«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyna üstünlikli gadam basan kärhananyň,
wodorodyň gatnaşmagynda benzini kükürtli, azotly birleşmelerden arassalamaga we
ýokary hilli awtoulag ýangyjyny öndürmäge niýetlenen durky täzelenen
katalitik-reforming desgasynda netijeli işler alnyp barylýar. Desganyň ýyllyk
kuwwatlylygy 500 müň tonna deň bolup, şol möçberde nebit önümleriniň gaýtadan
işlenilmeginiň netijesinde bu ýerde ekstraksiýon ýangyjyň 25 müň tonnasyny,
durnukly katalizatyň 412 müň tonnasyny, suwuklandyrylan gazyň 15 müň tonnasyny,
peçde ýakmak üçin ulanylýan gazyň 15 müň tonnasyny öndürmeklige doly
mümkinçilik döredilen.
Önümçilik
bölüminde awtoulag ýangyjynyň A-80, A-91, A-95 görnüşleri şeýle-de oktan sany
98-e ýetirilen awtomobil ýangyjy taýýarlanylýar. Şonuň ýaly-da kärhananyň
önümçilik kuwwatynyň artmagynda ýol bitumyny öndürýän döwrebap desganyňam uly
orny bar. Desganyň ýyllyk kuwwaty 37 müň 200 tonna deň bolup bir gije-gündiziň
dowamynda 120 tonna ýol bitumyny öndürmeklige niýetlenendir. Zawodyň önümçilik
desgalarynda önümçiligiň yzygiderliligi kämil enjamlaryň sazlaşykly işine
daýanýar. Tehnologiýa yzygiderlilik dolulygyna desganyň dolandyryş bölüminde
kompýuterler arkaly amala aşyrylýar.