1-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa
19-23-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň
teatr sungaty» atly III halkara festiwalyna görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi.
Döredijilik forumyna
ABŞ-dan, Eýrandan, Italiýadan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan,
Owganystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan
we Estoniýadan teatr toparlarynyň, sungatşynaslaryň hem-de sahna işi boýunça
hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Festiwala
gatnaşyjylar öz sahna oýunlaryny görkezerler, şeýle hem onuň çäklerinde sungat
sergileri, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar we ussatlyk sapaklary
geçiriler. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine
gezelençler guralar.