13-nji martda
geçirilen hökümet mejlisinde Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şu ýylyň
17-18-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergi geçiriler. Onuň
işine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça iş alyp
barýan agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşar. Giň möçberli sergi ykdysadyýetimiziň
hususy pudagynyň ýeten derejeleri, hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän
hyzmatlary, taýýarlan hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän
ýokary hilli önümleri görkeziler.
Sergi şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan esasy wezipelerini çözmäge goşýan goşandy, sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleri, önümçilige ýokary tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.