10-njy martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly
wideokonferensiýasyna gatnaşýanlara ýüzlenip, 12-nji martda Lebap welaýatyna iş
saparynyň amala aşyryljakdygyny, şol ýerde welaýaty senagat taýdan mundan
beýläk hem ösdürmegiň meselelerine serediljekdigini belledi.
Lebap
welaýatynda gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň örän köpdügini göz öňünde tutup,
täze iş orunlaryny döretmek hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, dürli taslamalary, şol sanda
täze kärhanalary gurmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarys diýip, milli
Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.