30-njy awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow şu ýylyň 12-14-nji sentýabrynda
«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergini
we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi. Bu çärelere ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara
guramalaryň, dürli ýurtlardan kärhanalaryň we işewürleriň 120-ä golaýynyň
gatnaşmagyna garaşylýar. Sergini we maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady
bilen degişli maksatnama taýýarlanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz düýpli özgertmeler ýoluna ynamly düşen Türkmenistanda energetika pudagyna öňdebaryjy
tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ugurdaş düzümleriň toplumlaýyn
döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, iň
gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.