Gadyrly
çagalar! Men siziň ähliňizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin.
1-nji
iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bu sene çagalaryň baýramy hökmünde bellenilýär.
Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň
ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly
ähmiýetli senedir.
Çagalaryň
hukuklaryny goramak Türkmenistanyň goşulan köp sanly halkara resminamalarynyň
we kararnamalarynyň, şol sanda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň hökmany
şerti bolup durýar. Bu Konwensiýada çagalaryň durmuşa hukugy, doly ösmäge bolan
hukugy, zyýanly täsirlerden goranmaga hukugy, özlerine geleňsizlik bilen
garalmagyndan hem-de özleriniň zähmetini peýdalanmakdan goranmaga hukugy we
maşgala, medeni hem-de ýaşaýyş-durmuş işlerine hemmetaraplaýyn gatnaşmak hukugy
ýaly çagalaryň esasy hukuklary göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan
1994-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklady. Şol günden
bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak
hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn
özgertmelere ýetmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk
edýär.
Çaganyň
irki ösüşi şeýle möhüm ugurlaryň biridir. Biz bu ugurda ýakyn gatnaşyklary ýola
goýduk, munuň özi çagalaryň durmuşynyň başky pursatlarynda olaryň
mümkinçiliklerini doly açmak üçin iň gowy şertleriň döredilmegini üpjün etmegiň
açarydyr.
ÝUNISEF
ýakyn wagtlarda kabul edilen iki maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagyny
goldandygyna buýsanýar, bu maksatnamalar çaganyň irki ösüşi babatynda ähli
hyzmatdaşlaryň ornuny kesgitleýär: olar Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2019-njy ýylyň ahyrynda makullan Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020
— 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de geçen hepdede kabul edilen
Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda
2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini
kämilleşdirmegiň Maksatnamasydyr.
Men
çaganyň irki ösüşi we olary okatmak ulgamynda netijeleri gazanmak üçin
ygtybarly syýasy binýady üpjün etmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin
Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirmek we ÝUNISEF-niň geljekde hem bu
işleri goldamaga taýýardygyny tassyklamak isleýärin.
Çaganyň
hukuklary ulgamynda gün tertibini ilerletmek üçin Türkmenistanda ähli
mümkinçilikler bar. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji
geňeşiniň düzümine girýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti çagalaryň
hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny kabul
etdi. Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy bilen baglylykda, şu
ýylda hem Türkmenistan Çaganyň hukuklary boýunça komitete özüniň nobatdaky
döwürleýin hasabatyny berer.
Biz bu
möhüm başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygymyza buýsanýarys
hem-de ähli çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlygymyzyň giňeldiljekdigine umyt
edýärin.
Parasatly
türkmen nakylynda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýlip, örän jaýdar
aýdylýar. Çagalar — biziň geljegimiz. Geliň, ähli çagalaryň öz hukuklaryndan
peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy,
her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we
maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin bilelikde işläliň! Geliň,
çagalarymyzyň çagalygyň lezzetini görmegi üçin jebisleşeliň!
Men
ÝUNISEF-niň ähli işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň ähli çagalaryny we ene-atalary
Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Kristin Weýgand, ÝUNISEF-niň
Türkmenistandaky wekili