Beýik Seljuk
türkmenleriniň şadöwletiniň meşhur soltany Alp Arslan Türkmen milletimizden
çykan iň beýik gahrymanlaryň biridir. Ol Horasanyň meşhur häkimi Dawut Çagry
begiň ogludyr.
Entek, Beýik
Seljuk türkmenleriniň döwletiniň gurulmasyndan has öň, Çagry beg Türkmen öz
inisi Togrul beg Türkmen bilen birlikde Garahanlylar neberesinden bolan
hökümdar Aly Tegin bilen çaknyşyga taýýarlanyp ýörkä, Seljuklar maşgalasynda
şatlykly bir waka bolup geçipdir. 1029-njy milady ýylynyň ýanwar aýynyň 20-si
güni Çagry begiň bir ogly dünýä inipdir. Bu gutly gün doglan oglanjyga «beýik gahryman arslan» manysyny berýän
«Alp Arslan» ady dakylypdyr. Ýöne, ylmy edebiýatlarda Alp Arslan Türkmeniň
1033-nji milady (425-nji hijri) ýylynda doglandygy barada maglumat hem bar.
Alp Arslan ýaşlygyndan başlap
gaýduwsyz häsiýeti we söweşjeňlik ukyby bilen tapawutlanypdyr. Kakasy Çagry
begiň Seljuk türkmenleriniň döwletiniň abatlygy we berkararlygy üçin amala
aşyran harby hereketlerinde mydama ýanynda bolupdyr. Ol kakasynyň başda duran
serkerdeleriniň biri bolmak bilen, söweşlerde ýeňişleriň gazanylmagynda
ähmiýetli işleri amala aşyrypdyr.
Alp Arslan Türkmen 1043-1044-nji
ýyllarda, özüniň ýaşlygyna garamazdan gujur-gaýratlylygyny görkezipdir. Şol
döwürde Çagry beg hassalanypdyr. Bu ýagdaýy peýdalanmak islän Gaznaly
türkmenleriniň döwletiniň hökümdary Mewdud, elden giderilen Balh we Toharystan
topraklaryny seljuklardan yzyna gaýdyp almak maksady bilen, bu ýerlere goşun
çekipdir. Gaznalylaryň harby güýçlerine garşy kakasyna derek Seljuklaryň goşunynyň
başynda bolup söweş etmek ýaşajyk Alp Arslanyň paýyna düşüpdir. Alp Arslan
özüniň serkerdeligindäki goşun bilen örän çaltlykda hereket edip Balha
gelipdir, gelşine-de tizden-tiz hüjüme geçipdir. Bu söweşde, Gaznalylaryň
goşuny derbi-dagyn edilipdir. Şonda, Alp Arslan tarapyndan ýesir alnan kiçi we
uly derejedäki goşun serkerdeleriniň sany müňe ýetipdir. Örän köp mukdarda
ýarag we atlar olja alnypdyr. Alp Arslanyň ýeňiş gazanyp yzyna gaýdyp gelmegi
kakasyny örän begendiripdir. Hatda, çeşmeler Çagry begiň, ýaş oglunyň gazanan
harby üstünligine guwanmak we begenmek duýgusyna gaplanmasy sebäpli öž
hassalygyndan açylandygyny-da ýazýarlar.
Çagry beg Türkmeniň Termez şäherini
eýelemek üçin eden harby saparlarynda hem ýaşajyk Alp Arslan kakasynyň ýanynda
bolupdyr. Horasanyň goralmagy üçin uly ähmiýeti bolan Termezi Gaznalylaryň
elinden almagy maksat edinen Çagry beg, galanyň özüne tabşyrylmagyny isläp, ony
goraýjylaryň ýolbaşçysyna hat ýazyp iberipdir. Çagry beg, hatyň içinde özüniň
ýaşajyk ogly Alp Arslanyň gazanan ýeňşiniň Gaznaly türkmenleriň döwletiniň
gutarnykly sarsandygyny görkezýän bir subutnamadygyny açyk aýdypdyr. Haty üns
bilen okan galany goraýjylaryň serkerdesi, öz hökümdaryndan ýardamyň
gelmejekdigine düşünip. Termezi galdyryp, Gazna şäherine çekilipdir.
Alp Arslana, 1058-nji ýylda,
seljuklaryň ägirt döwleti üçin eden işlerinde, hereketlerinde gazanan
üstünlikleri mynasybetli kakasy Çagry beg tarapyndan Balh, Toharystan, Termez,
Kobadiýan, Wahş we Walwalij topraklary häkimlige berlipdir. Kakasy Alp Arslana
Aly bin Şadany wezir edip belläpdir. Maglumatlardan Alp Arslanyň ýönekeý bir
häkimlige däl-de, seljuklaryň ägirt döwletiniň gündogar serhedine gözegçilik
edip goraýan, garaşly bir kiçi döwletiň, ýagny Seljuk türkmenleriniň
Horasandaky döwletiniň başyna getirilendigi görünýär. Bu Alp Arslanyň
zikgeleden pullaryndan hem bellidir.
Şazada Alp Arslanyň ýaşlykda gazanan
hökümdarlyk tejribesi soňky soltanlyk eden döwürlerinde örän peýda beripdir.
Kitaplarda Alp Arslanyň çagalygynda örän gowy bilim alandygy agzalýar.
Alp Arslanyň döwründe Orta we Ýakyn
Gündogarda şu döwletler bolupdyr: Musulmançylygyň gündogar serhetleriniň
üstünde ýerleşen Garahanly türkmenleriň döwleti (840-1212), bu günki Owganystan
we Günbatar Päkistan bilen Demirgazyk Hindistan topraklarynda ýerleşen Gaznaly
türkmenleriniň döwleti (962-1187), Müsür we Siriýada ýerleşen şyga Fatymylaryň
halypalygy (910-1071), Anadolyda we Ýewropada (Balkanlarda) ýerleşen Wizantiýa
döwleti (395-1453). Bulardan başga-da birtopar ownuk döwletler bolan-da bolsa,
şol döwürdäki döwletleriň arasynda edilen gatnaşyklarda üns çekäýjek ähmiýetli
rollary oýnamandyklary üçin bellenip geçilmändir. Ýöne Yspyhan we onuň
töwereklerinde (Eýranda), seljuklaryň goňşusy bolan, soň seljuklar tarapyndan
eýelenen, Büweýhogullarynyň häkimliginiň hem bolandygyny bellemek zerur.
Kakasyndan örän ygtybarly
hökümdarlyk terbiýesini alan Alp Arslan, Çagry beg Türkmen aýatda dirikä hem
onuň Horasandaky seljuk türkmenleriniň döwletinde örän möhüm işleri amala
aşyrypdyr. Şol döwürde, Gaznaly türkmenleriniň hökümdary Mewdud Seljuk
türkmenleriniň Horasandaky döwletine garşy Garahanlylar hem-de Büweýhogullary
bilen gepleşik geçirip, üçli birleşigi döredipdir. Emma Mewdud wepat bolupdyr.
Onuň ölüminden habarsyz ýola çykan birleşigiň beýleki agzasy Büweýhogullary
neberesinden Kalijar bolsa hassalanyp, Yspyhana dolanypdyr. Garahanlylar
neberesinden bolan hökümdar Arslan han bolsa, Termeze çenli gelipdir. Onuň
çozuşy Termeziň erbet talanmagyna alyp barypdyr. Talanan ýerler bolsa, bilşimiz
ýaly, Alp Arslanyň häkimligindäki ýerlerdi. Şu sebäpli talaňçylygyň öňüni alyp,
gelen goşuny yzyna serpikdiren hem ýene-de Alp Arslan bolupdyr. Soňra onuň
kakasy Çagry beg, Jeýhunyň kenarynda öz soltanlyk çadyryny guran Garahanlylaryň
hökümdary Arslan han bilen görüşipdir. Olar Horasana we Seljuklaryň elindäki
beýleki ýerlere Garahanlylardan hiçbir güýjüň talaňçylyga gelmejekligi barada
şertleşip, parahatçylyk ylalaşygyny baglaşypdyrlar.
Hökümdar Mewdudyň ölüminden soňra
Gaznalylaryň tagtyna geçen Ferruhzad bin Mesud uly bir goşun sürüp, Horasana
ýöriş edipdir. Balhda, onuň öňünden bu ýeriň häkimi Kutbeddin Kül Saryk goşuny
bilen çykypdyr we asgyn gelipdir. Ol ýakynlary bilen Gaznalylara ýesir
düşüpdir. Muňa namys eden Alp Arslan kakasyndan Gaznalylara garşy harby herekete
çykmaga özüne rugsat berilmegini sorapdyr. Kakasy Çagry begden oňaýly jogaby
alanyndan soňra bolsa ol duşman goşunynyň üstüne ýöriş gurap, ýeňiş gazanypdyr.
Ol Gaznalylar döwletiniň ýokary wezipeli emeldarlarynyň we döwlet adamlarynyň
birtoparyny ýesir alypdyr. Bu iki döwletiň arasynda dowam eden oňuşmazlyk,
Gaznaly türkmenleriniň hökümdary Ferruhzadyň ýerine Ybraýymyň tagta geçmegi
bilen tamamlanypdyr. Iki döwletiň arasyndaky bolup geçen surnukdyryjy
söweşlerden ýadan Çagry begiň razylygy bilen, Hindiguş daglary iki döwletiň
arasyndaky döwlet serhedi hökmünde kabul edilip, 1059-njy ýylda seljuklar
hem-de gaznalylaryň arasynda parahatçylyk ylalaşygy baglaşylypdyr.
Ýaşlygyna garamazdan, Alp Arslan, diňe öz kakasynyň däl, eýsem, onuň
inisi Togrul begiň hem ýakyn goldawçysy bolupdyr. Togrul beg, öz doganoglany
Ybraýym Ýynalyň gozgalaňa baş galdyryp, Hemedany eýeläp, kyn güne salanynda,
dogany Çagry begden tiz ýagdaýda kömek sorapdyr. Ol bolsa, inisine kömek üçin
ogullaryndan Alp Arslany we Seljuk türkmenleriniň Kermandaky döwletiniň
hökümdary Gara Arslan Gurdy iberipdir. 1059-njy ýylda, bu şazadalar Ybraýym
Ýynalyň goşunyny ýeňip, döwleti içki howpdan halas edipdirler.
Taryhy maglumatlar, Alp Arslanyň hökümdarlygynyň irki döwürlerinden başlap, özbaşdak harby hereketleri hem geçirendigini habar berýärler. Olaryň biri Merwden Eýranyň Pars topraklaryna guralan ýörişdir. Bu ýöriş kakasynyň Alp Arslany entek öz ýerine häkim yglan etmesinden has öň bolupdyr. Onuň bu harby hereketinden, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň emeldarlarynyň, emirleriniň hiç biri, hat-da soltan Togrul beg hem habarsyz bolupdyr. Alp Arslan öz goşuny bilen Fesa şäherine gelip, bu ýerdäki Büweýhogullarynyň wekilini gaçyp gitmäge mejbur edipdir. Garşylyk görkezenleriň bir toparyny heläkläp, üç müň kişini ýesir alypdyr. Alp Arslan bu ýörişinde, bir million altyn dinar gymmaty bolan olja bilen yzyna dolanypdyr. Çeşmelerde bu başarylan işiň, örän uly işdigi bellenip geçilýär. Bu ýöriş, Alp Arslanyň ýaşlygyna garamazdan uly işleri amala aşyryp bilendiginiň subutnamasydyr.