milli goshun logo
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti
06.09.2019 1642 Habarlar

5-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Şu ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygary döredijilik bäsleşiginiň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Körpe artistler bedew bady bilen täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan eziz Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Ýaş ýerine ýetirijileriň aýdymlary we tanslary wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada körpe türkmenistanlylara bagtly çagalygy peşgeş beren beýik ýurdumyzyň keşbini döretdi.