Mähriban
çagalar!
Eziz körpeler!
Sizi
jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de beýik ösüşlere ruhlandyrýan Türkmenistanyň
milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp zehinli çagalaryň arasynda
geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet
derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň geljekde hem eziz Watanymyz bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çuň many-mazmunly
aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp beýan etjekdigiňize, egsilmez ruhy baýlygymyz we
bahasyna ýetip bolmajak hazynamyz bolan milli medeniýetimizi we sungatymyzy
has-da ösdürmek ugrunda yhlasyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, täze aýdym-sazlary
döretjekdigiňize berk ynanýaryn!
Türkmen halky aýdym-saz sungatyna
uly sarpa goýýar. Bu sungat Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen
Günortanyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň döremegine we ösmegine öz
täsirini ýetiren milli medeniýetimiziň altyn hazynasydyr. Biziň
bagşy-sazandalarymyz mahmal owazy we şirin sazlary bilen asyrlardan-asyrlara,
nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen nusgawy
dessanlarymyzdyr gahrymançylykly eposlarymyzy ýerine ýetirip, gözel Diýarymyzy,
ajaýyp tebigatymyzy, şan-şöhratly taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy,
watançylyk, edermenlik, ynsanperwerlik, ygrarlylyk, edep-terbiýe ýaly ahlak
gymmatlyklarymyzy belentden wasp edipdir. «Sözi paýhas bezär, sazy — sungat»
diýen nakyla eýeren halkymyz bagşy-sazandalary toý-dabaralarynyň arzyly
myhmanlary hökmünde kabul edip, aýdym-saz bäsleşiklerini hem geçiripdir.
Parahatçylygy
we ynsanperwerligi, dostlugy hem-de hoşniýetliligi ýörelge edinen halkymyz saz
gurallarynyň jadyly güýjüne ynanyp, iň süýji arzuw-hyýallaryny aýdym-sazlarynyň
üsti bilen beýan edipdir. Zehin bilen paýhasa, söýgi bilen ylhama ýugrulan
aýdym-sazlarymyz ynsana sarpa goýmagy ündeýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň
ýoluny salgy berýär, Watana, halka beýik buýsanjy artdyryp, nesilleriň
watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine ýardam
berýär.
Aýdym-saz sungatymyzyň
ýaş wekilleri bolan siziň çaga kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp eserleriňizde
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ösüşleri, güneşli Diýarymyza
beýik buýsanç belentden ýaňlanýar. Siziň watansöýüjiligi we ynsanperwerligi
dabaralandyrýan aýdym-sazlaryňyzda ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady
bilen ynamly barýan Watanymyz, zähmetsöýer halkymyz, gözel tebigatymyz joşgunly
wasp edilýär. Bagtyýar döwrümiziň waspy bolup ýaňlanýan siziň hoş owaz bilen
ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz kalbymyza buýsanç, egsilmez şatlykdyr joşgun
paýlaýar.
Bagtyýarlyk zamanamyzyň saýrak bilbilleri!
Siziň ajaýyp
aýdym-sazlaryňyz berkararlygymyzyň we bagtyýarlygymyzyň çeşmesidir. Jadyly
owazlaryňyz Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy wasp edýän, ata
Watanymyzyň, eziz halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan özboluşly sungatdyr.
Ähli ösüşlerimiziň esasy bolan ruhy galkynyşymyzy täze belentliklere çykarmakda
siziň şirin aýdymlaryňyzyň, joşgunly sazlaryňyzyň ähmiýeti örän uludyr.
Geljegimiz bolan ýaş nesillerimizde sungata söýgini terbiýelemekde we
ösdürmekde, tebigy zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigine örän möhüm orun
degişlidir.
Türkmenistan
bagtly çagalygyň, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Bagtyýar
nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, döwrebap bilim almagy,
watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin biz
ähli şertleri döredýäris. Paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde, etrapdyr
obalarymyzda durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda çagalar
baglaryny, orta mekdepleri, ýörite sungat hem-de çagalar sungat mekdeplerini
gurýarys. Şeýle hem medeniýet ojaklarynyň — kitaphanalaryň, muzeýleriň,
medeniýet we sungat ugurly bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirýäris.
Biz geljekde
hem bagtyýar çagalarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, medeniýet, sungat
hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin amala aşyrýan özgertmelerimizi
üstünlikli dowam ederis.
Mähriban
çagalar!
Eziz körpeler!
Sizi zehinli
çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna
gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň
janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, çaga kalbyňyzda beslän päk arzuwlaryňyzyň hasyl
bolmagyny, berkarar Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abraý-mertebesini has-da
belende götermegiňizi arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.