milli goshun logo
ZALA Aero kompaniýasynyň täze partlaýjy ýaragy
ZALA Aero kompaniýasynyň täze partlaýjy ýaragy
25.07.2019 1638 Tehnologiýa

ZALA Aero kompaniýasy «Lancet» atly partlaýjy ýaragyny köpçülige mälim etdi. «Lancet» partlaýjy ýaragy aňtaw, aragatnaşyk, nawigasiýa we urgy böleklerinden emele gelýär. Öndürijileriň aýtmagyna görä, «Lancet» partlaýjy ýaragy adaty ýarag sistemalaryndan has tapawutly bolup, az çykdaýjylydyr.

Dolandyryjy ýaraga ýerleşdirilen dolandyryş enjamynyň kömegi bilen bu ýaragy islendik ýerden hem dolandyryp bilýär. «Lancet» 12 kg agyrlyga we 40 km ot açyş täsirliligine eýedir. «Lancet» partlaýjy ýaragyna kiçi ölçegli elektrik bilen işleýän itiji motor ýerleşdirilen.

«Lancet» partlaýjy ýaragynyň iki görnüşi bar. Olar uly göwrümli «Lancet-3» we kiçi göwrümli «Lancet-1». «Lancet-3»-iň agramy 12 kg bolup, 3 kg–a çenli ok-däri kabul edip bilýär. Ol sagatda 80-110 km/s tizlik bilen 40 minutlyk uçuşy amala aşyrýar. «Lancet-1» agramy bolsa 5 kg agramy bolup, 1 kg ok-därini göterip bilýär. Onuň tizligi «Lancet-3»-iňki bilen deň bolup, 30 minutlyk uçuşy amala aşyrmak ukybyna eýedir.