Düýn – 15-nji
dekabrda Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl
baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji
tapgyry geçirildi.
Türkmenistanda ýaş
estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda «Ýylyň parlak
ýyldyzy» bäsleşigi olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, täze
zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine,
ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge
gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Medeniýet
ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi
geňeşi bilen bilelikde guralan bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we
Aşgabat şäherinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlyklaryny görkezmek
isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Abraýly
emin agzalary dalaşgärleriň içinden has ökde, wokal we ýerine ýetirijilik
ussatlygy bilen tapawutlanan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp
ses alan ýaşlary seçip aldylar.
Netijede, ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Ýeňijä göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.
Birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolanlar degişli diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.