Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol
Nawroskä we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni
mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä tüýs ýürekden
berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa
parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.