26-njy sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleriniň işgärlerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna, döwletimiziň hem-de halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga goşan goşantlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken päk ýürekli zähmetleri, ýokary hünär ussatlyklary üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary «Altyn asyr», «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordenleri, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanyldylar.