Düýn – 15-nji
dekabrda hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze
ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde
ýalkym saçdy. Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin
tebigy künjekleriniň birinde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň
öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.
Maglumat hökmünde
belläp geçsek, belent başy «2024» ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş
arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Ýurdumyzyň Baş arçasynda
yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen
dabaradyr. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze, ýörite
ugur, medeni maksatnama taýýarlanylýar. Şu ýyl hem guramaçylar ýaş tomaşaçylar
üçin özüne çekiji tomaşany taýýarlapdyrlar.
Arzuwyň
ertekilerdäki ýaly amala aşmagy netijesinde, Aýazbaba, Garpamyk hem-de oglanjyk
Arkadag şäherinde peýda boldy. Soňra Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak
çäresine gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň baş arçasynyň ýanyna gelip, bu ýerde
guralan baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary we süýjülikleri almak çagalar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara çagalar horeografiýa toparynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşlan aýdymlaryny özünde jemleýän uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.