Düýn – 26-njy martda
Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»
diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek
dabarasy boldy. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary
döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýerde myhmanlar
çykyşlar bilen garşylanyldy. Baýramçylygyň şeýle täsirli başlanmagy
oňa gatnaşýanlaryň kalbyny heýjana getirip, ýüreklerini şatlyga
besledi. Dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklarynyň
ýaýbaňlandyrylmagy diýseň täsirli boldy.
Soňra «Türkmeniň
ak öýi» binasynyň mejlisler zalynda bu ýere ýygnananlar hormatly
Prezidentimiziň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň
Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde TÜRKSOÝ tarapyndan
Türkmenistanda we beýleki türki dilli döwletlerde guralýan medeni
çäreler dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny barha berkidýär.
Dabaranyň dowamy giň gerimli baýramçylyk konserti bilen utgaşyp gitdi. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Sahnada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp çykyşlaryň esasyny medeniýetleriň dialogy, halklaryň dostlugy baradaky garaýyşlar düzdi.
«Nowruz ýaýlasynda» guralan medeni çäre çuňňur taryhy kökleri we umumy däpleri bolan halklaryň medeniýetini baýlaşdyrýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.