Türkmenistanda
möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen
mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary
welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz
welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler.
Asylly däbe görä,
gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan
Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy, döwlet Baştutanymyzyň
döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça
tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçilere ruhy lezzet paýlady.