3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
binasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023»
atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde
guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň
hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler,
maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň,
Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri bar.
Halkara foruma «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing»,
«Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargolux», «Lufthansa Consulting» ýaly
halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara
assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary
birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag
forumynyň, «USAID Central Asia» maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk
logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň wekilleri we başga-da köp sanly
hünärmenler, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, logistika kompaniýalary,
talyplar gatnaşdylar.
Söwdany ýönekeýleşdirmek boýunça
sebitiň ýurtlarynyň kuwwatlyklaryny hem-de erkin senagat zolaklarynyň
mümkinçiliklerini giňeltmek, halkara kommunikasiýalarda milli ulag
kärhanalarynyň işine ýardam bermek, ýurdumyzyň döwlet edaralary, iri logistika
institutlary bilen ulag-logistika ulgamlarynda ýöriteleşen halkara guramalaryň
arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak utgaşykly görnüşde geçirilýän maslahatyň
we serginiň esasy maksadydyr.